Philips sonicare HX3601/01 Manual De Instrucciones página 417

Idiomas disponibles
  • ES

Idiomas disponibles

  • ESPAÑOL, página 102
KidPacer
Ýygjamlyklar
4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti
çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly
edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi
çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň
dowamynda dowam ediň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen
ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap
çotgalamak maslahat berilmeýär.
5 Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň
tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe
dik örtüşýän çotgalama urgusyny ediň.
6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik
skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär)
we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler)
ulanmak howpsuzdyr.
Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, KidPacer
aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölüň.
KidPacer çotgalama wagtyny 4 sany deň bölege bölýär
we indiki zolaga geçmeli wagtyňyzy görkezýär. Ol
bölekler gysgajyk saz bilen görkezilýär. Diş çotgasy
çotgalama seansynyň ahyrynda awtomatik durýar we
gutlag sazyny çalýar.
Bellik: Çagaňyza diş çotgalamagy gutlag sazy çalynyp, diş
çotgasy öçýänçä dowam etdirmegi öwrediň.
Elektrikli diş çotgaňyz 2 dürli ýygjamlyk bilen
enjamlaşdyrylandyr: näzik we ekstra näzik.
Bellik: Diş çotgasyny birinji gezek ulanan wagtyňyz,
standart sazlama ekstra näzikde durýar.
Ýygjamlygy üýtgetmek üçin:
Türkmençe
417
loading