640
Türkmençe
Saklamak
Çalşyrmak
Model belgisiniň ýerini tapmak
Kepillik we goldaw
Ekrany aýyrmak üçin ildirgiçlariň ýanyndan
kenarlardan tutuň, emaý bilen gysyň we gorag
ekranyny çekip çykaryň.
5 Ultramelewşe çyrany aýryň.
Çyrany aýyrmak üçin ony tutuň we metal gysgyçdan
çekip çykaryň.
6 Gorag ekranyny we ultramelewşe çyrany çygly mata
bilen arassalaň.
7 Ultramelewşe çyrany ýerine dakyň.
Çyrany ýerine dakmak üçin çyranyň aşagyny metal
gysgyja gabatlaň we çyrany gysgyjyň içine itiň.
8 Gorag ekranyny ýerine dakyň.
Ekrany ýerine dakmak üçin ekrandaky ösüntgileri
ultramelewşe çyranyň ýanyndaky serpikdiriji
tekizlikdäki gädiklere gabatlaň. Ekrany
arassalaýjydaky gädiklere gönümel itiň.
9 Damja mejimesini ultramelewşe arassalaýjydaky
ýerine dakyň.
10 Arassalanyňyzdan soň, arassalaýjyny toga dakmazdan
öň doly guradyň.
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony
rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi
düşmeýän salkyn, gury ýerde saklaň.
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare
nasadkalaryny her 3 aýdan çalşyryp duruň. Diňe Philips
Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisi (HX9600) üçin Philips Sonicare diş
çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa,
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara
kepillik hatyny okaň.